Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabadyň halkara howa menzilinde daşary ýurt awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk giňeldilýär

15:2326.10.2019
0
71424

Dünýäniň energetika çeşmelerine iň baý döwletleriniň biri bolan Türkmenistandaky ýag-ýangyç serişdeleriniň elýeterliligi we ýurdumyzyň halkara howa menzillerindäki ýokary derejede edilýän hyzmat daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde Russiýa, Belarus, Ukraina ýaly döwletleriň birnäçe awiakompaniýalarynyň uçarlary düşläp geçýär. Russiýa Federasiýasynyň «Nordwind Airlines» awiakompaniýasy bolsa bu menziliň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridir ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

2008nji ýylda esaslandyrylan awiakompaniýa öz işine bary-ýogy üç uçar arkaly alty ugra hyzmat etmek bilen başlapdy. Geçen 11 ýyldan soňra bu awiakompaniýanyň uçarlary dünýäniň 26 döwletinde 97 howa menziline uçýar. Kompaniýanyň öz resmi saýtynda-da, internet ensiklopediýasynda-da Türkmenabat şäheri üstaşyr gonuşyň amala aşyrylýan nokady hökmünde görkezilýär. Bu bellik tötänleýin däl.

Russiýada we beýleki käbir dünýä döwletlerinde birbada birnäçe awiakompaniýa hereket edip, olar tas hususy diýen ýalydyr. Şonuň üçin olara tehniki hyzmat we ýangyç üçin iň ýokary hilli we elýeterli nokat esasy zerurlyk bolup durýar. Türkmenabadyň Halkara howa menzili bolsa şeýle nokatlaryň biridir. Ine, şonuň üçin hem bu menzil «Nordwind Airlinesiň» uçarlarynyň hemişelik düşelgeleriniň birine öwrülipdir.

Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde daşary ýurtlara ýolagçy gatnawlarynyň birnäçesi meýilleşdirilýär. Bu kompaniýa hem Türkmenabat ― Moskwa ugry boýunça ýolagçy gatnatmaga isleg bildirýän hyzmatdaşlaryň biri. Gepleşikler geçirilip, ylalaşyk gazanylsa, Türkmenabat kompaniýanyň diňe bir tehniki hyzmat nokady bolmak bilen çäklenmän, eýsem, gatnaw amala aşyrýan ugurlarynyň hem hataryna girer.

Menzilde daşary ýurtly uçarmanlara ýokary derejede hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Onuň kaşaň myhmanhanasynda bolsa gaýry ýurtly gonaklar ýygy-ýygydan düşleýär. Ýeri gelende aýtsak, bu howa menzilinde ýolagçy we ýük gatnatmak boýunça ýyldan-ýyla, aýdanaýa ösüş gazanylýar. Halkara howa menzilinden berlen maglumatda görkezilişi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynda ugradylan ýolagçylaryň sany 212 müň, kabul edilenleri 210 müň adamdan geçipdir. Şeýle hem ugradylan ýükler 463 müň, kabul edilenleri 527 müň tonnadan geçýär. Ýylyň dokuz aýynda menzilden 5 tonna golaý poçta ugradylyp, 8 tonna golaýy kabul edildi. Bu sanlar geljekde has hem artyp biler. Çünki Türkmenabadyň Halkara howa menzili halkara uçuşlaryň meşhur nokadyna öwrülýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň