Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi zehinli dizaýnerleriň arasynda «Çeper eller» atly bäsleşik geçirýär

08:0002.10.2019
0
29081

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Senagat işgärleriniň güni mynasybetli, 2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 16-syna «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly geçiriljek dokma önümleriniň halkara sergisiniň çäginde häzirki zaman egin-eşikleri döretmek boýunça zehinli dizaýnerleriň arasynda «Çeper eller» atly bäsleşik yglan edýär.

«Türkmenistan» gazetinde habar berilmegine görä, bäsleşik 3 görnüşde, ýagny gündelik geýilýän egin-eşikleriň kolleksiýasy, baýramçylyk lybaslarynyň kolleksiýasy, sport egin-eşikleri ýaly ugurlar boýunça geçiriler. Bäsleşige dürli ýaşdaky raýatlar gatnaşyp biler. 

Basleşigiň ýeňijileri ýörite niýetlenen sowgatlar bilen sylaglanarlar. Baş baýraga mynasyp bolan ýeňiji bolsa «Ýylyň dizaýneri» adyna eýe bolar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň arzalary 2019-njy ýylyň 12-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

Salgymyz: 744000. Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 96-njy jaýy. Email: TmTextile@mail.ru Tikinbolum@mail.ru
Telefon belgileri: 40-70-71; 40-70-68; 40-70-69; 40-71-76.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň