Türkmen talyplary Halkara olimpiadada 2-nji orna mynasyp boldular

10:2730.09.2019
0
23455

2019-njy ýylyň 22 — 24-nji sentýabry aralygynda Ysraýyl döwletiniň Ariel uniwersitetinde matematika dersi boýunça geçirilen Açyk halkara olimpiadasynyň jemleýji tapgyrynda türkmen talyplary medallaryň 7-sine — 4 altyn, 1 kümüş, 2 bürünç medala, dürli derejeli diplomlaryň 4-sine we toparlaýyn bäsleşikde 2-nji orna mynasyp boldular.

Ysraýyl döwleti, Russiýa Federasiýasy, Polşa, Rumyniýa, Özbegistan, Gyrgyzystan we Türkmenistan ýaly birnäçe döwletden 23 sany topara wekil çilik eden 100-e ýakyn talybyň gatnaşmagynda geçen olimpiadanyň şahsy birinjiliginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersit etiniň maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Hamidbek Hajiýew, şol fakultetiň 4-nji ýyl talyby Ramazan Bahtiýarow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara ykdysadyýeti we menejment fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Perman Iljanow hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň tebigat bilimleri we matematika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Göwher Şükürowa altyn medala, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Jepbar Asgarow kümüş medala, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyplary Murat Çaşemow we Döwran Nurgeldiýew bürünç medala we degişli diplomlara mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň