Şu gün Türkmenbaşy, Mary hem-de Aşgabat şäherlerinde geçirilen üç duşuşyk bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 19-njy tapgyra badalga berildi.
«Şagadam» öz meýdanynda ýeňil bolmadyk ýeňşi gazandy. Aleksandr Klimenkonyň şägirtleri «Ahaly» 1:0 hasabynda ýeňdiler. Şeýlelikde, ýer eýeleri Kerim Hojaberdiýewiň geçiren pökgüsi bilen ýene bir 3 utugy gazanmagy başardylar. Utugyny 35-e çykaran «Şagadam» ýaryş tertibinde ikinji orna çykdy. Täze baş tälimçisi Amangylyç Koçumowyň ýolbaşçylygyndaky ilkinji duşuşygynda utulan «Ahal» bolsa üçünji orna düşdi.
«Energetik» öz meýdanynda «Nebitçiden» 2:3 hasabynda asgyn geldi. Ýeňiji toparyň pökgülerini Aşyrgeldi Ylýasow (11 m.j.u.), Tirkiş Hojamämmedow hem-de Azat Garajaýew (11 m.j.u.) geçirdi.
«Köpetdag» adybir stadionda «Aşgabady» 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 22 ýaşly goragçy Ýazgylyç Gurbanow geçirdi. Şeýlelikde, «Köpetdag» Türkmenistanyň çempionatyndaky utulyşsyz tapgyry 7 duşuşyga çykardy.
19-njy tapgyr 22-nji sentýabrdaky «Merw» ― «Altyn asyr» duşuşygy bilen tamamlanar. Duşuşyk Mary şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçiriler.