Arhiw

«Hanoýyň» baş tälimçisi: «Altyn asyr» bilen duşuşykda öz oýun usulymyzy üýtgetmedik»

20:1828.08.2019
0
3905

Wýetnamyň «Hanoý» futbol toparynyň baş tälimçisi Çu Din Nghiem AFK-nyň kubogynyň Interzolagynyň ýarym finalynda «Altyn asyr» bilen Aşgabatda geçirilen duşuşykdan soňra žurnalistrleriň sowallaryna jogap berdi. Şeýlelikde, Wýetnamyň çempiony taryhynda ilkinji gezek Interzolagyň finalyna çykdy.

― «Hanoýy» sazlaşykly oýun we ýaryşy dowam etdirmek hukugy bilen gutlaýarys. Jogap duşuşygy barada näme aýdyp bilersiňiz?

– Şu gün biziň üçin örän kyn oýun boldy. Bize artykmaçlyk beren zat birinji duşuşygyň netijesi boldy. Ýöne biz ikinji duşuşykda hem öz oýun usulymy üýtgetmedik, öz meýilleşdiren futbolymyzy oýnadyk. Garşydaş oýny uzak aralyga geçirilýän pökgüleriň esasynda gurnamaga çalyşdy. Biz bolsa hüjüm futboly bilen ýeňiş ýa deňlik üçin meýdana çykdyk. Netije bizi doly kanagatlandyrýar.

– Siz «Altyn asyryň» şeýle oýnamagyna garaşdyňyzmy?

– Käbir pursatlarda biziň we garşydaşyň oýunçylarynyň arasynda dartgynly ýagdaýlar döredi. «Altyn asyr» örän gowy we güýçli topar. Belki, oýunçylar öňde goýlan wezipeleriň käbirini amal edip bilmediler. Ýöne olar doly güýjünde oýnady.

– Siz «Hanoýa» näçe ýyldan bäri tälimçilik edýärsiňiz? Şeýle üstünlige ilkinji gezek ýetdiňizmi?

– Hawa, ilkinji gezek. Men eýýäm 13 ýyl bäri bu toparda işleýän, topary esaslandyryjylaryň biri diýseň hem boljak. Soňky 4 ýylda bolsa baş tälimçi bolup işleýärin. Biz AFK-nyň kubogyna birnäçe ýola gatnaşdyk: 2014-nji ýyl hem biziň üçin şowly bolupdy, çärýek finala çenli baryp ýetipdik. Täze, güýçli futbolçylarymyz bilen bu ýyl hem gowy ýerlere geldik. Biziň nazarymyzda AFK-nyň kubogy iň uly maksat. Ýaryşda, mümkin bolan, iň ýokary belentlige çykmak isleýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň