Soňky habarlar

Archive news

AFK-nyň kubogy ― 2019: «Hanoý» «Altyn asyr» bilen boljak duşuşyk üçin Aşgabada geldi

09:3825.08.2019
0
5343
AFK-nyň kubogy ― 2019: «Hanoý» «Altyn asyr» bilen boljak duşuşyk üçin Aşgabada geldi

Şu gün daň bilen Aşgabadyň Halkara howa menziline Moskwanyň Domodedowo howa menzilinden «Sibir» awiakompaniýasynyň uçary gelip gondy. Uçaryň bortunda Wýetnamyň «Hanoý» futbol toparynyň futbolçylarydyr tälimçileri hem bar.

Gümrük barlaglaryndan geçenden soňra myhman topary «Altyn asyryň» wekilleri garşylady. Soňra Wýetnamyň wekiliýeti «Oguzkent» myhmanhanasynda ýerleşdirildi. Toparyň Aşgabada gelen düzüminde 21 futbolçy bar. 

27-nji awgustda Aşgabadyň «Köpetdag» stadionynda «Altyn asyr» bilen «Hanoýyň» arasynda AFK-nyň kubogy ― 2019-yň Inerzolak ýarym finalynyň jogap duşuşygy geçiriler. Onuň sagat 17-de başlanmagyna garaşylýar. Hanoýda geçirilen ilkinji duşuşykda «Altyn asyryň» 2:3 hasabynda ýeňlendigini ýatladýarys.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň