“Dat meni” hususy kärhanasynda nahar duzy, kökeler we süýjiler öndürilýär

16:4323.08.2019
0
3620

Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýerleşýän “Dat meni” hususy kärhanasynda kökeleriň we süýjiler birnäçe görnüşi öndürilýär. Bu kärhanada gündelik sarp edilýän nahar duzy hem gaplanylýar. Gaplanylýan nahar duzy Balkan welaýatyndan getirilýär. Bu ýerde her günde duzlaryň ortaça 5 tonnasy özleşdirilip halkymyza ýetirilýär. Nahar duzy ilki bilen awtomatlaşdrylan enjam arklaly adam saglygyna zyýanly maddalardan dolulygyna arassalanylýar. Zyýanly maddalardan saplanan duzlar ýörite ýuwujy enjamlardan geçirilip üç tapgyrda ýuwulýar. Duzlar awtomatlaşdyrylan guradyjy we gowrujy enjamlardan geçirilýär. Bu ýerde 170 gradus gyzgynlykdaky ýörite peçde guratmak we gowurmak, ýodlaşdyrmak işleri amala aşyrylýar. Soňra 0,5, 25 kilogram agramdaky haltalara we owadan gaplara gaplanylýar. Bu ýerdäki önümleriň öndürilen senesi we ýaramlylyk möhleti awtomatik usulda bellik edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň