Artur Geworkýan we «Persib Badung» ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda şertnamany ýatyrdylar

23:0821.08.2019
0
8806

Indoneziýanyň «Persib Badung» futbol topary we türkmenistanly ýarym goragçy Artur Geworkýan ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda şertnamany ýatyrdylar diýip, «Tribunnews» habar berýär.

«Ählisi üçin sag boluň!» diýip, ýarym goragçy bu barada özüniň Instagramdaky hasabynda bu barada habar berdi. Futbolçy ýarym ýylyň içinde toparyň janköýerleriniň uly söýgüsine mynasyp boldy.

Artur Geworkýan indonez toparynyň düzüminde şu möwsümde 9 duşuşyk geçirdi we olarda 3 gezek tapawutlandy. Türkmenistanly ýarym goragçy bilen birlikde sloweniýaly Rene Miheliç bilen serbiýaly Boýan Malişiç hem şertnamasyny ýatyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň