Soňky habarlar

Arhiw

Elman Tagaýew karýerasyny "Ahalda" dowam etdirýär

01:1510.08.2019
0
5981

30 ýaşly ýarym goragçy Elman Tagaýew futbol karýerasyny "Türkmennebitönümleri" baş müdirliginiň "Ahal" futbol toparynda dowam etdirýär. Mälim bolşy ýaly, ol möwsümiň birinji ýarymynda Özbegistanyň Namangan şäheriniň "Nawbohor" toparynda çykyş edipdi.

Özbegistana hem "Ahalyň" düzüminden giden futbolçy Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji ýarymynda Röwşen Meredowyň şägirtleriniň hatarynda futbol oýnar. Şu gün Türkmenistanyň çempiony "Altyn asyr" bilen oýnajak "Ahal" ikinji ýaryma uly hasapdaky ýeňiş bilen başlap, ýaryş tertibiniň ikinji ornuna dolanyp geldi.

"Sports.ru"-nyň hasabatlaryna görä, 2019-njy ýylda resmi duşuşyklarda bary-ýogy 149 minut çykyş eden ýarym goragçy karýerasyndaky üstünliklerini "Ahal" bilen gaýtalamaga synanyşar. Onuň dürli ýyllarda Türkmenistanyň çempionatyndan daşary hem Özbegistanyň we Azerbaýanyň dürli toparlarynda çykyş edendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň