- Bu günki ýolagçylygyňyz hakynda okyjylaryma gysgaça aýdyp beräýseňiz?
- Men Çarybaýew Jumamyrat Allanazar ogly Aşgabat şäherinden. Ozal söwda ministrliginde işledim we şol ýerden pensiýa çykdym. Pensiýadanam ilkinji gezek ziýarata barýarys. Hudaýa şükür kemçilik ýok ähli zat gowy. Arza berdik we bugün döwletimiziň goldawy bilen Mekke-Medinä zyýarata gidip barýarys. Nesip bolsa Hajy parzymyzy ýerine ýetireris we sag aman dolanyp geleris. Yurdumyza, ähli musulman bendelerine dileg ederis. Ýurdymyz abat bolsyn, janlarymyz sag bolsyn, Hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsyn, tutýan tutymly işleri rowaç alsyn!
- Gurban baýramyny bellemegi nähili meýilleşdirýäniz?
- Nesip bolsa, Allajan ýol berse Gurban baýramynda Mekke şäherinde bolup, şol ýerde gurbanlyk bermegi meýilleşdirýäris. Halkymyzyň agzybirligi üçin, Yurdumyzyň abadanlygy üçin we Hormatly Prezidentimiziň saglygy üçin gurban berip, doga dilleglerde bolarys Inşallah.
