Ruslan Mingazow Gazagystanyň "Irtyş" toparyna goşuldy

21:2923.07.2019
0
13732

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Gazagystanyň "Irtyş" futbol toparynyň düzümine goşuldy. Klubyň resmi saýtynda türkmenistanly futbolçynyň erkin agent hökmünde alnandygy habar berildi.

2008-nji ýylda "Aşgabadyň" düzüminde futbola girişen Ruslan Mingazow 2009 - 2014-nji ýyllar aralygynda Latwiýada, 2014-nji ýyldan bäri hem Çehiýada dürli toparlarda çykyş etdi. Onuň iň soňky futbol oýnan topary Çehiýanyň "Prşibramydyr".

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hataryna ilkinji gezek 2009-njy ýylda çagyrylan Ruslan Mingazow 24 duşuşykda 4 gezek tapawutlandy. Häzir ol "Transfermarketde" 650 müň ýewro bilen iň gymmat bahaly türkmenistanly futbolçydyr.

"Irtyş" Gazagystanyň iň titully toparlarynyň biri. Topar ýurduň bäş gezek çempiony boldy, bir gezek hem Gazagystanyň kubogyna myansyp boldy. "Irtyşyň" düzüminde dürli ýyllarda Didargylyç Urazow, Arslanmyrat Amanow ýaly türkmenistanly futbolçylar çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň