Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn asyr" Ukrain topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

21:5520.07.2019
0
1796

Türkmenistanyň çempiony "Altyn asyr" futbol topary, ozal hem habar berşimiz ýaly, şu günler Bolgariýada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär. Bassyr ikinji ýyl AFK-nyň kubogynyň Merkezi zolagynyň ýeňijisi bolup, ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanan topar ýygnanyşygyň çäginde Ukrainanyň "Aleksandriýa" topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň, esasan ýaş oýunçylara we ätiýaçdaky futbolçylara mümkinçilik beren duşuşygy 5:0 hasabynda garşydaş toparyň ýeňşi bilen tamamlandy. "Altyn asyryň" Bolgariýadaky türgenleşikleri dowam edýär. Topar bu ýerde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ýene-de birnäçesini geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň