Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky gaz partlamasynda ejir çekenlere gyssagly kömek berilýär

10:0417.07.2019
0
22377
Aşgabatdaky gaz partlamasynda ejir çekenlere gyssagly kömek berilýär

Ozal habar berilşi ýaly 16-njy iýulda Aşgabadyň 10-njy kiçi etrapçasynyň A.Nyýazow köçesiniň, 1-nji geçelgesiniň 12-nji öýüniň, 2-nji korpusyndaky 4 gatly jaýyň 4-nji gatynda bolan gaz partlamasynyň bolandygyny we 7 raýatyň şikes alandygyny habar beripdik. Olaryň ählisi keselhana ýerleşdirildi.

--Gaz partlamasynda şikelenenleriň ählisine gyssagly tiz kömek ýardamlary berilipdi. Bir näsagyň ýagdaýy häzirlikçe agyr hasap edilýär. Iki näsagyň ýagdaýy kanagatlanarly, olar 10-güniň dowamynda lukman gözegçiliginde bolsalar saglygy öňki kaddyna geler. Beýleki näsaglar bolsa, keselhanadan çykyp bilerler, hem-de gatnap saglygyna seretdirmäge mümkinçilikler döredler diýip saglygy saklaýyş gullugunyň işgäri habar berýär.

Häzirki tapgyrda gürrüňi edilýän jaýdan 12 öýüň ýaşaýjylary göçürildi. Olara iýmit, jaý hem-de lukmanyň, psihologyň ýardamlary berkidildi.

Biziň habarçyymyza habar berilşine görä, wakanyň bolan ýerinde Berkaralyk etrabynyň 3-nji ýaşaýyş jaý müdirliginiň ussasy Gurbangül Hojamgulyýewanyň  aýtmagyna görä:

--Gürrüňi edilýän wakanyň bolan ýerinde wagtlaýynça palatkalar dikilip, tiz kömegiň lukmanlary, polisiýanyň işgärleri, ýangyn söndürijiler, häkimligiň we beýleki kömekçi gulluklaryň wekilleri bar. Türkmenistanyň NOKP edarasy öz ýardamyny hödürleýär. Jebir çekenleri ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmek baradaky tabşyryklar üstünlikli ýerine ýetirilýär. Bulardan başgada, maşgalalara birwagtda 100-130 müň manat möçberinde ätiýaçlandyryş tölegler tölener—diýip Hojamgulyýewa aýtdy.

Häzir wakanyň bolan ýerinde Gurluşyk ministrliginiň hünärmenleri iş alyp barýarlar. Olar jaýyň şu derejä nädip ýetendigini anyklap, gutarnykly netijäni çykarmak üçin zähmet çekýärler.

Partlamadan soň öýleri ýykylan ýaşajylaryň 12 magala şäher häkimligiň işgärleri tarapyndan Parahat-7 etrapçasyndan ýa-da Gurtlydan ýaşaýyş jaýlar bilen üpjün ediljekdikleri aýdyldy.

--Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň işgäriniň aýtmagyna görä, gysga wagtyň içinde jebir çeken maşgalalara ýaşaýyş jaý gaznasyndan, ýer böleklerinden ybarat bolan täze jaýlar hödürlener.

Gaz gullugunyň, häkimligiň raýat işleri baradaky bölüminiň işgärleri tarapyndan halkymyza habar beriş serişdeleriniň üsti bilen düşündiriş, wagyz ediş işlerini ýaýbaňlandyrmak baradaky gepleşikleri hödürlemekçi bolýarlar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň