Arhiw

Ruslan Mingazow: "Türkmenistanyň milli ýygyndysy Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda hiç bir garşydaşdan çekinmeýändigini görkezmeli"

01:0617.07.2019
0
13305

«Turkmenportal» Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Çehiýa, Latwiýa ýaly döwletlerde baý tejribe toplan 27 ýaşly futbolçysy Ruslan Mingazow ýörite söhbetdeşligi taýýarlady. Onuň bilen gürrüňdeşligimiz Aşgabat şäherinde boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda meşhur futbolçy Dünýä çempionaty ― 2022-niň bije çekilişiginden garaşýan netijeleri, Türkmenistanyň ýygyndysynyň Aziýa kubogy ― 2019-daky gowşak çykyşynyň sebäpleri hem-de horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň ýolbaşçylygyndaky milli ýygyndymyzyň gazanyp biljek netijeleri barada öz pikirlerini aýtdy. Ýeri gelende aýtsak, bu ýazgylarymyz biziň söhbetdeşligimiziň diňe birinji tapgyrydyr. Indiki söhbetdeşligimiz onuň geljekki maksatlary hem-de Çehiýadaky ýaşaýyşy barada bolar.

― Ruslan, ýakynda sen Türkmenistanyň futbol ýygyndysyna çagyryldyň, ýöne gelip bilmediň. Gürrüňdeşligimizi munuň sebäbinden başlasak, ýerine düşer.

― Çagyryş boldy, ýöne men saglyk ýagdaýym sebäpli gelip bilmedim. Biz bu barada tälimçini habarly etdik, hatda soňra Aşgabatda onuň bilen duşuşyp, tanyşdygam. Onuň maksatly göwnejaý. Ol Ýewropa futbolyndan habarly, ýaşlar bilen hem, ulularyň toparlary bilen hem, milli ýygyndy bilen hem işleşip gören hünärmen. Şonuň üçin hem bu çagyryş, diýseň belent mertebe. Tälimçiniň özüniň hem aýdyşy ýaly, ähli zat birden düzelmez, üstünliklere sary ýuwaş-ýuwaşdan, ädimme-ädim gidip bileris.

― Ählisi birden bolmaz. Bu näme diýmek?

― Bu netijäni görmek üçin howlukmazlygymyzy isleýän jümle. Ýöne biz anyk maksat bilen aýdyň ädimleri geçip, güýçli topar bolup bileris. Tälimçiniň futbolçylary, futbolçylaryň bolsa ony tanamagy üçin wagtyň gerek boljakdygy gürrüňsiz hakykat. Men gürrüňdeş bolanymda, futbolçylaryň tälimçiden, tälimçiniň bolsa futbolçylardan razydygyny gördüm. Oglanlaryň her biri milli ýygyndynyň indiki çagyryşyna uly höwes bilen garaşýarlar, olar türgenleşikleriň geçirilişinden hem hoşal. Özüniň topar, hatda milli ýygynçy üçin wajyp oýunçydygyny duýup oýnamak futbolçyny ganatlandyrýar.  Şonuň üçin hem milli ýygyndymyzdan çakylyk almak meniň üçin uly hormat. Galyberse-de, köp adamly daşary ýurtly hünärmeniň milli ýygyndymyzy has uly sepgitlere ýetirip biljekdigine ynandylar, munuň üçin olar sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Ine, biziň elimizde şol pursat: milli ýygyndymyza daşary ýurtly hünärmen tälim berýär. Gazanyljak netijeler, ýetiljek sepgitler, dogrusy, meni hem gyzyklandyrýar.

― Diýmek, sen milli ýygyndymyzdan geljek indiki çakylyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyň-da!

― Hawa, men 17 ýaşymdan bäri milli ýygyndymyzyň abraýy üçin göreşmek bagtyna eýe bolup gelýärin. Ata Watanymyň sport abraýy üçin geçirilýän duşuşyklaryň ýekejesini hem sypdyrmak islämok. Elbetde, wagtal-wagtal käbir ýagdaýlar we şikesler ýüze çykdy, ýöne häzir, milli ýygyndymyzdan Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary üçin geljek çakylyga, hakykatdan-da, sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Öýmüzde-de, myhmançylykda-da gowy oýnap biljekdigimize hem ynanýaryn.

― Bije çekilişikde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň garşysyna haýsy döwletleriň wekilleriniň çykmagyny islärdiň?

― Öňler iň güýçli garşydaşlary saýlardym, indi güýçler deňeçer bolsa kem bolmazdy. Dogrymy aýtsam, islegim biziň ýoly üstünlikli dowam edip bilmegimiz. Birinji torbada ejiz topar ýok. Ikinji torbanyň wekilleri hem güýçli, belki biz Özbegistan bilen hem duşuşyp bileris.

― Ýa-da Gyrgyzystan. Bu-da erbet bolmazdy?

― Gyrgyzystan? Näme üçin?

― Hem «Dordoýyň», hem Gyrgyzystanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Aleksandr Krestininiň bir sözüni ýatlamak isleýäris. Ol şeýle diýipdi: «Bizde (Gyrgyzystanda ― redaksiýadan) sport üçin döredilen mümkinçilikler az. Ýöne biz bije çekilişige ikinji torbadan gatnaşýarys. Sizde (Türkmenistanda ― redaksiýadan) bolsa ýokary mümkinçilikler bar, ýöne siz dördünji toparçada»...

― Gyrgyzystanyň ýygyndysy häzir ikinji torbada. Munuň üçin olary gutlamaly. Biz dördünji torbada bolsak hem islendik ýygyndy bilen başa-baş göreşi alyp barar derejede güýçli.

― «Altyn asyryň» Aşgabatda «Dordoýy» ýeňen duşuşygy iki ýygyndy barada pikir öwürmäge mümkinçilik berýär. Garşydaş toparyň futbolçylarynyň aglbasy gyrgyz ýygyndysynda oýnaýar.

― Elbetde! «Dordoýyň» baş tälimçisi, belki, öz oýunçylaryny ruhlandyrmak isländir. Men klublaýyn oýunda kimiň güýçlüdigini duşuşyk görkezýär diýip pikir edýärin. Gyrgyzystanyň milli ýygyndysynyň oýny hem biziňki bilen deňeçer. Şonuň üçin olar bilen deňeçer göreşip biljekdigimize ynanýaryn. Bu duşuşyk täsin hem gyzykly bolardy.

― Onda, seniň pikiriňçe, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň garaşylanyndan pes derejede çykyş etmeginiň esasy sebäbi nämede?

― Durnuksyzlyk bolup biler. Ýaponiýa bilen bolan duşuşykda nähak utuldyk. Duşuşygyň soňunda dogry oýny orta-da goýduk, ýöne eýýäm giçdi. Özbegistan bilen bolan oýunda bolsa taktika biraz üýtgedi.

― Näme üçin?

― Has ýokary derejede oýnamak üçin. Sada söz bilen aýtsam, açyk futbol oýnamaga çalyşdyk. Maksadymyz garşydaşyň derwezesine has köp hüjüm etmekdi. Eger Ýaponiýa bilen bolan duşuşykda, esasan, goraga üns beren bolsak, Özbegistan bilen bolan duşşuykda düýbünden tersine boldy. Ähli zady hem ilkinji iki ýalňyşlygymyz çözdi. Birinji ýarymda biz 10 minudyň içinde derwezämize iki pökgi geçirtdik. Ýöne ilkinji gola çenli ähli zat gowy gidip durdy. Hasap 0:2-ä barandan soň, futbolçylarymyza netijäni öz haýryna öwürmek has kyn düşdi.

― Özbegistandan ýeňilmek, biziň pikirimizçe, Oman bilen bolan duşuşyga hem öz täsirini ýetirdi.

― Elbetde, utulyşyň täsiri güýçli bolýar. Täzeden özüňi dürsemeli we tälimçi toparyň ruhuny beýgeltmeli. Ýöne men üçünji duşuşykda gowşak oýnadyk diýip bilmerin. Biz Oman bilen deňeçer oýnap, hasaby hem deňledik. Göräýmäge, güýçlerimiz hem deňeçerdi. Ýöne ikinji ýarymda biziň oglanlarymyza fiziki taýýarlyk ýetmedi. Soňky bäş minutda derwezämize giren iki gol oýnuň ykbalyny garşydaşyň peýdasyna çözdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň