Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günlerine badalga berildi

23:5310.07.2019
0
4964

Siwas şäherindäki Şemsi-Siwasi welaýat halk kitaphanasynda ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam sungatynyň we fotosuratlaryň sergisi bilen Türkmenistanyň Türkiýedäki Medeniýet günlerine badalga berildi. Bu dabara Siwas welaýatynyň häkimi Salih Aýhan hem gatnaşdy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary we welaýatyň häkimi çykyş edip, Medeniýet günleriniň ähmiýetine ünsi çekdiler. Olaryň aýdyşy ýaly, bu dabaralar gadymy Seljukly medeniýetiniň döwrebap röwüşde täzeden didarlaşmagydyr.

Sergini Türkmenistanyň muzeýleri, Döwlet çeperçilik akamediýasy hem-de suratkeşler bilelikde gurnadylar. Bu ýerdäki her bir gymmatlyk sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi.

Ýeri gelende aýtsak, bu sergi we ertir geçiriljek dabaralar mundan dört ýyl ozal gurlup, ulanmaga berlen kitaphananyň taryhyndaky ilkinji halkara çäredir. Siwas şäheri bolsa taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň Medeniýet günlerini kabul edýär. Şeýle bolansoň, şäheriň ilaty tarapyndan sergä isleg juda köp boldy. Şeýle hem oňa gatnaşyjylar türkmen tagamlaryny, esasan hem türkmen çöregini juda halandygyny aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň