Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Bolgariýada üç ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

12:2930.06.2019
0
5516

27-nji iýun – 10-njy iýul aralygynda Bolgariýanyň Gabrowo şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Gabrowa şäheriniň “Mak” myhmanhanasynda düşlän milli ýygyndymyz ýerli “Orlowes” sport toplumynda günde iki wagtyna türgenleşik işlerini geçirýär.

Ýygyndy toparymyz 6-njy hem-de 8-nji iýulda Bolgariýanyň çempiony “Warna Siti” topary bilen, 7-nji iýulda bolsa “Ruse” toparynyň garşysyna ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer.

Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi horwatiýaly hünärmen Robert Grdowiçiň okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna futzal ligasynda çykyş edýän toparlaryň 17 oýunçysyny çagyrandygyny ýatladýarys.

Horwatiýaly baş tälimçä ýerli hünärmenler Guwanç Kanaýew, Mergen Ataýew hem-de Ýeňiş Aşyrow kömekleşýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň