Türkmenistanyň at gazanan artisti, Baş drama teatrynyň artisti Gülälek Akmyradowa bilen Tatarystan Respublikasynda geçirilen Sabantuý baýramçylygy dogrusynda söhbetdeş bolduk.
-Kazanda “Sabantuý” baýramçylygynyň geçirilişi hakynda gysgaça aýdyp berseniz?
- Bu baýrama başgaça "Azal baýramy" hem diýilýän eken. Sabantuý tatar we başgyrt halklarynda müňýyllyklaryň dowamynda bellenilip gelinýän oba hojalyk baýramçylygy. Baýramçylyk meýdan işleri bilen bagly bolansoň, ol, esasan, oba hojalyk işleriniň tamamlanýan ýa-da ahyrlan möwsüminde bellenilýär. Many-mazmun tarapdan seredeniňde, bu baýram adamlaryň zähmete bolan sarpasyny, duýgusyny oýunlaryň we däp dessuryň üsti bilen wasp edýär. Mysal üçin, däpleriň birinde iki bedräni egninden asyp, suw daşamak däbi berjaý edilýär. Şol sanda şol iki bedräni kimiň ir getirşi boýunça ýaryş geçirilýär. Nyşana ok atmak, kätmenli, pilli, dyrmykly tans etmek ýaly oýunlar hem gurnalýar. Dürli dabaralardyr ýaryşlara, easasan, ýaşlar köp gatnaşýar. Şu baýramçylyk arkaly zähmetiň rähnediniň bardygy beýan edilýär.
Ýerli baýramçylygy alyp baryjydan bir gyzykly gürrüň eşitdim, ol sözünde şeýle diýdi: “Görýäňizmi, adamlar? Bagt zähmetdedir! Bagty özümiz zähmet çekip gazanmaly, haýsydyr bir daýynyň (Aýazbabanyň ýada başka bir mif gahrymany) getirip bermegine garaşman, şol bagty biziň özümiz gazanmaly” diýýär.
- Kazan şäherinde türkmenistanly sungat ussatlarynyň çykyşlary nähili ýaýbaňlandyryldy?
- Biz baýramçylykda ak öý dikdik we öýüň bagty bolup durýan gelin getirdik. Folklor çykyşlarynyň üsti bilen türkmen toýlaryny şöhlelendirdik. Ak öýüň içini Türkmen gelin-gyzlarymyzyň şaý-sepleri bilen bezedik. Türkmen sungatynyň ýeten beýik derejesini görkezdik. Türkmeniň şu günki güne çenli milli däp-dessurlary saklap gelýän milletdigini subut etdik. Ýüzärlik tütetmek, oglan bilen gyzyň eline şaý tutduryp, ony açdyrmak, guşak çözdi, enäniň alkyşy, geliniň ýüzüni görkezmek däbi ýaly däplerimizi hem görkezdik.
