Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Bütindünýä donorlar güni bellenilýär

10:1014.06.2019
0
5864

14-nji  iýu­nyn­da  Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň “Hem­me­ler üçin howp­syz gan” at­ly şy­ga­ry bi­len ýur­dumyz­da Bütindünýä  do­nor­lar  gü­ni  ýo­ka­ry  de­re­je­de  belle­nip  ge­çil­ýär. Şeý­le  bo­lan­soň, Aşgabat  şäheriniň,  we­la­ýat saglygy saklaýyş edaralarynda bu sene giňden bellenilýär.
Türk­me­nis­ta­nyň  “Ra­ýat­la­ryň  sag­ly­gyny  go­ra­mak  ha­kyn­da”  ka­nu­ny­na  la­ýyk­lykda, 18 ýaş­dan 60 ýa­şa çen­li bo­lan sag­dyn adam­lar  öz  is­le­gi  bo­ýun­ça  meý­le­tin  gan berip  do­nor  bo­lup  bilýárler. Gan  ban­klarynda yüzden gow­rak  do­nor ha­sap­da  dur­ýar.  Ola­ryň  haý­sy­sy­nyň  ga­ny ze­rur  bol­sa  şol  adam  hem  ge­lip  gan  tabşyr­ýar.Ýur­du­myz­da­ky sag­ly­gy go­ra­ýyş edara­la­ry­ny  gan  we  gan  önüm­le­ri  bi­len  üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len gan tab­şy­ry­jy do­norla­ry  hö­wes­len­dir­mek  iş­le­ri  ka­da­ly  ýo­la  goýul­dy. Gan tab­şy­ran ada­myň şol gün iş­den bo­şa­dyl­ma­gy ýa-da goş­ma­ça dynç gü­nü­niň be­ril­me­gi  ýo­kar­da  aý­dan­la­ry­my­za  do­ly  şa­ýat­lyk  ed­ýär. Goş­ma­ça  be­ril­ýän  dynç  gü­ni iş­gä­riň her ýyl­ky zäh­met rug­sa­dy­na go­şul­ýar ýa-da öz is­le­gi­ne gö­rä dynç alyp bil­ýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň