Soňky habarlar

Arhiw

"Köpetdagyň" 22 ýaşly ýarym goragçysy Türkmenistanyň futbol ýygyndysynda ilkinji duşuşygyny geçirdi

14:3310.06.2019
0
9209

Aşgabadyň "Köpetdagynyň" 22 ýaşly ýarym goragçysy Döwletmyrat Seýitmuhammedow BAE-de Ugdandanyň milli ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň düzüminde ilkinji gezek ýaşyl meýdana çykdy. 12-nji belgide çykyş edýän futbolçy duşuşygyň ikinji ýarymynda kapitan Arslanmyrat Amanowyň ornuna meýdana girdi.

Seýitmuhammedow şu ýylyň maý aýynda gaýtadan dikeldilen "Köpetdagyň" düzüminden ilkinji gezek milli ýygynda çagyrylan üç futbolçynyň biridir. Oýnuna horwatiýaly tälimçi Ante Mişe tarapyndan ýokary baha berlen futbolçy Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda doguldy. Ol soňky birnäçe ýylyň dowamynda Ýokary ligada "Köpetdagyň" düzüminde çykyş edýär.

"Köpetdagyň" baş tälimçisiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Çary Annaýew şägirdine ýokary baha berýär. "Döwlet Seýitmuhammedow, Meýlis Diniýew we Rahat Japarow dagylar toparymyzyň öňdebaryjylarynyň hatarynda" diýip, tälimçi "Turkmenportala" beren interwýusynda aýtdy.

Biz şu ýerde 51 ýaşly horwatiýaly hünärmeniň aýdanlaryna-da salgylanmak isleýäris. Ol "Turkmenportala" beren interwýusynda, esasan, ýaş futbolçylar bilen işleşmäge döwtalapdygyny aýdypdy. Ugandanyň ýygyndysy bilen bolan duşuşyk tälimçiniň bu maksadyny üstünlikli ýola goýýandygyny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň