Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Ugandanyň ýygyndysy bilen deňme-deň oýnady

23:0809.06.2019
0
21582

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Ugandanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Abu-Dabi şäherindäki Nýu-Ýork uniwersitetiniň futbol meýdanynda geçirilen duşuşyk türkmen futbolçylarynyň Afrika wekilleri bilen ilkinji duşuşygy hökmünde taryha girdi.

Şeýlelikde, bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda meýilleşdirilen ýoldaşlyk duşuşygy tamamlandy. Türkmen futbolçylary BAE-däki türgenleşiklerini 11-nji iýula çenli dowam eder.

FIFA-nyň halkara ýoldaşlyk duşuşygy.

9-njy iýun. Abu-Dabi şäheri (BAE). Nýu-Ýork uniwersitetiniň stadiony.

Uganda - Türkmenistan - 0:0.

Türkmenistanyň başlangyç düzümi: Mämmet Orazmuhammedow (d), Güýçmyrat Annagulyýew, Şöhrat Söýünow, Mekan Saparow, Wezirgeldi Ylýasow, Arslanmyrat Amanow (k), Artur Geworkýan, Gurbangeldi Batyrow, Serdar Geldiýew, Altymyrat Annadurdyýew, Wahyt Orazsähedow

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň