Türkmenistanda demir ýol peteklerini onlaýn usulda satyn almak hyzmaty ýola goýuldy

03:2402.06.2019
0
153590

"Türkmendemirýollary" agentligi her ýyl takmynan 6 million ýolagça hyzmat edýär. Ýolagçylaryň syýahat wagty rahatlygyny we howpsuzlugyny üpjün etmek maksatlaryny göz öňünde tutýan "Ýolagçy" bölüminde 5000 hünärmen zähmet çekýär.

"Türkmendemirýollary" agentligi ýakynda ýolagçylar üçin online bilet hyzmatyny ýola goýdy. Ýolagçylar öz akylly telefonlaryna gurnalan "Türkmendemirýollary" agentligi  programmasynyň kömegi ýa-da railway.gov.tm internet saýtyna girmek arkaly syýahat etmek isleýän wagtynda, şeýle hem syýahat etmek isleýän ugruna elektron biletleri satyn alyp bilerler. Biletleriň tölegini "Altyn Asyr" töleg kartlary arkaly amala aşyrmak göz öňünde tutulan.  

"Türkmendemirýollary" agentligi ilatymyza berýän hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirmek, pudagymyzyň maddy binýadyny berkitmek, häzirki zaman ülňülerine laýyklykda hyzmatlary ýola goýmak maksady bilen, Android we iOS ulgamlary üçin niýetlenilen programmalary ulanyjylara hödürledi. Programmalar arkaly elektron biletleri satyn almak bilen birlikde syýahat edilen ähli biletleri telefonyňyzda saklamak mümkin.

Programmanyň Android telefonlary üçin niýetlenen görnüşini PlayMarket-den, iOS telefonlary üçin niýetlenen görnüşini App Store-dan ýükläp bilersiňiz.



Habaryň çeşmesi: www.railway.gov.tm

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň