Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baýdagynyň günine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi

01:3020.05.2019
0
6215

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda hem halkymyzyň asuda durmuşunyň, baky bagtyýarlygynyň, nurana geljeginiň kepili Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baýdagynyň günine bagyşlanan dabaralara ir säherden Türkmenabat şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň, medeniýet we sungat işgärleriniň, talyp ýaşlarynyň dabaraly ýörişi bilen utgaşan Baş baýdak meýdançasynda döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi hem-de milli mertebämiz bolan ýaşyl tugumyzyň al-asmana galdyrylmagy bilen badalga berildi. Baýramçylyk soňra Ruhyýet köşgüniň öňündäki toý meýdançasynda dowam etdi. Lebap welaýat we Türkmenabat şäher häkimlikleri, Zenanlar guramasynyň welaýat bölümi, Demokratik we Agrar Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň welaýat komitetleri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, Medeniýet müdirlikleri bilelikde taýýarladylar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we döwlet Baýdagynyň şanyna tutulan baýramçylyk dabarasynda bagtyýar raýatlarymyz Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan beýik  ösüşler il-agzybirligi ýurt asudalygy barada  buýsanç bilen gürrüň etdiler. Bu geçirilen dabaraly maslahat “Ýaşyl tug buşlugy berkararlygyň-baş kanun kepili bagtyýarlygyň” diýlip atlandyryldy. Welaýatyň Çärjew, Halaç, Saýat, Dänew, Darganata, Döwletli, Hojambaz, Kerki hem Köýtendag etraplarynda geçirilen dabaralar şatlyk şowhuna beslendi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň