Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Visa Electron töleg kartyny ýatyrýar

12:3709.04.2019
0
33959
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Visa Electron töleg kartyny ýatyrýar

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 2019-njy ýylyň 13-nji aprelinden başlap, öz müşderilerine Visa Electron kartyny bermegi we çalşyp bermegi bes eder. Şeýle karara «Visa International Service Association» kompaniýasynda bolup geçen özgertmelerden soňra gelindi diýip, bank tarapyndan Turkmenportala habar berildi.

Müşderileriň elinde ozal bar bolan Visa Electron kartlary ulanyş möhleti tamamlanýança, güýjüni saklar. Töleg kartlarynyň Visa Classic we Visa Gold görnüşleri boýunça hyzmatlar ozalkysy ýaly dowam edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň bank ulgamy milli ykdysady ösüşi goldaýan esasy ugurlaryň biri höküminde barha kämilleşdirilýär. Ýurduň banklarynyň müşderileri ýeňillikli karzlar, döwrebap töleg ulgamlary ýaly köp sanly hyzmatlardan hoşal. Elektron töleg kartlary bolsa amatly we howpsuz töleg hyzmatyny üpjün etmekde barha giň meşhurlyga eýe bolýar.  

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň