Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ätiýaçlandyryş pul möçberini kesgitlemegiň Tertibini tassyklady

23:2708.04.2019
0
8384

«Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek we ätiýaçlandyrylýanlary ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda, tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibi tassyklandy.

«Howa, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil transportynyň ýolagçylarynyň hökmany döwlet strahowaniýesi boýunça öwezini doluş puluny tölemek üçin şikesiň agyrlygynyň derejesini kesgitlemegiň kadalaryny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 24-nji dekabrynda çykaran 1070-nji Kararyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň