Ýagmyr Hanow ("Röwşen Aýakgap" hk): "2019-njy ýylda 80 müň jübüt aýakgap öndürmegi meýilleşdirýäris"

03:3219.03.2019
0
13863

Paýtagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň XI ýyllygyna bagyşlanan sergi we maslahat öz işini tamamlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda birleşmäniň agzalarynyň – türkmen hususyýetçileriniň gazanan üsütnlikleri, alyp barýan köpugurly işleri ýaýbaňlandyryldy. Biz bu serginiň dowamynda internet portalymyz üçin “Röwşen Aýakgap” hususy kärhanasynyň hünärmeni Ýagmyr Hanow bilen gürrüňdeş bolduk.

– Siziň hususy kärhanaňyz näçenji ýylda esaslandyryldy?

­― Türkmenistanda köwüş önümçiligi bilen meşgullanan ilkinji hususy tarap bolan kärhanamyz 1991-nji ýyldan bäri işläp gelýär.

– Önümleriňiz eksport edilýärmi?

― Hawa, häzirki wagtda Belarus Respublikasyna, Ukraina, Täjigistana, Gyrgyz Respublikasyna we goňşularymyz Owgnystandyr Gazagystana eksport edýäris. Biziň önümhanalarymyzda Italiýadan we Albaniýadan çagyrylyp getirilen dizaýnerler işleýär. Olaryň tejribe önümlerimiziň göze gelüwli we ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär.

– Maksatlaryňyz?

– Biziň aýakgap önümlerimiz häzir Türkmenistanda uly mümkinçilikden peýdalanýar. Bu bolsa halkyň islegini barha artdyrýar. Täze guruljak kärhanamyzyň işe girizilmegi bilen önümçiligi ozalkysyndan 10 göterim artdyrarys. Önümçiligiň 2017-nji ýylda has güýçlendirilmeginiň hasabyna, şol ýyl 9 müň, geçen ýyl 40 müň aýakgap öndürdik. Bu ýyl bolsa önümçiligiň mukdaryny 80 müňe çykarmagy meýilleşdirýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň