Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Küştdepdi ABU-nyň Hindistanda geçirilen festiwalynda görkezildi

12:3912.03.2019
0
5658

Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde 7 — 10-njy mart aralygynda Aziýa — Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) II Halkara tans festiwaly geçirildi. Onda Türkmenistanyň kenarýaka sebitinden «Dehistan» meşhur folklore-etnografiýa topary üstünlikli çykyş etdi.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebitçiler medeniýet köşgüniň topary dünýäniň köp ýurtlarynda milli sungatymyzyň özboluşly öwüşginlerini beýan edýän çykyşlary görkezdi hem-de tomaşaçylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.

Watandaşlarymyz küştdepdi halk tansy, onuň ruhlandyryjy äheňi hem-de halk äheňleri bilen sazlaşýan adatdan daşary çeýe hereketleri bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazandylar.

Festiwalyň geçirilýän ýurdundan başga-da, oňa gatnaşyjy ýurtlarda bu köpöwüşginli çykyşlary teleradioýaýlymlarda görkezmegi guran ABU-nyň howandarlygy astynda bu tans baýramçylygyna Owganystandan, Bangladeşden, Butandan, Indoneziýadan, Malaýziýadan, Maldiw adalaryndan, Özbegistandan, Fijiden we beýleki ýurtlardan döredijilik toparlary gatnaşdylar. Aziýa we Aziýa — Ýuwaş Umman sebitiniň halklarynyň lybaslary, özboluşly aýdym-sazlary bu sungat baýramynyň köpöwüşginli görnüşlerini emele getirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň