Soňky habarlar

Arhiw

Kaka etrabynda döwrebap ýyladyşhana toplumy açyldy

23:3309.02.2019
0
14461

10-njy fewralda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde häzirki zaman ölçeglerine kybap derejede gurlup, ulanmaga berlen ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Dabara ýurdumyzyň Mejlisiniň deputaty, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow, milli parlamentiň deputatlary, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Ahal welaýatynyň jemgyýetçilik guramalarynyň, şäherdir etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ulanmaga berilýän ýyladyşhanalary «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň buýurmasy esasynda «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýetiniň işgärleri gurdular. Toplumyň umumy meýdany 10 gektara barabardyr. Bu ýerde esasan pomidorlaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän pomidorlar özüniň hili we hasyllylygy bilen tapawutlanýar. Bir gektar meýdandan möwsümiň dowamynda 200 — 250 tonna hasyl almak mümkinçiligi bar. Munuň özi pudaga täzeçil tehnologiýalaryň we öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylýandygynyň aýdyň netijesi bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň