Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Umumy we amaly biologiýa hem-de Derman ösümlikleri institutlary döredildi

01:0630.01.2019
0
7301

Türkmenistanda ylmyň biologiýa, biotehnologiýa ugurlaryny ösdürmek, tebigy baýlyklar bolan ösümlikler dünýäsini düýpli öwrenmek we olaryň dermanlyk häsiýetlerini anyklamak, derman ösümliklerinden ýokary hilli derman serişdelerini taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň bölünmegi arkaly, onuň binýadynda Umumy we amaly biologiýa instituty hem-de Derman ösümlikleri instituty döredildi.
Umumy we amaly biologiýa instituty Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň garamagyna, Derman ösümlikleri instituty Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyna berildi.
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa instituty biologiýa, biotehnologiýa ugurlaryny ösdürmek hem-de ösümlikler dünýäsini düýpli öwrenmek boýunça Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Derman ösümlikleri instituty derman ösümliklerinden derman serişdeleriniň bölünip alnyşyny düýpli öwrenmek boýunça Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Ylymlar akademiýasy, degişlilikde, Derman ösümlikleri instituty hem-de Umumy we amaly biologiýa instituty hakyndaky düzgünnamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga we bellenen tertipde tassyklamaga borçly edildi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Ylymlar akademiýasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň