Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

14:0103.09.2018
0
6708

2-nji sentýabrda, dynç güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutany edebi döredijilik bilen meşgullandy hem-de ajaýyp ahalteke bedewlerine ideg etdi.
Milli Liderimiz bu ýerde goýlan surat eserlerine, olaryň her biriniň aýratynlyklaryna, çeperçiligine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, her bir sungat eseri ynsana ýakymly täsir edýär we onuň ylhamyny joşdurýar, täze eserleriň döredilmegine ruhlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyz iş otagynda ozaly bilen, täze döwürleýin metbugat, ýurdumyzyň metbugat serişdelerinde çap edilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmelere bagyşlanan täzelikler hem-de maglumat-seljeriş makalalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanda çap edilýän gazetler diňe bir durmuş-ykdysady, döwlet syýasaty hem-de ýurdumyzyň halkara durmuşy baradaky möhüm wakalary beýan etmek bilen çäklenmän, ýerlerde milli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilişi, dürli edaralaryň we guramalaryň işleri, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine uly goşant goşýan adamlar barada gürrüň berýärler. Makalalaryň köpüsi “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylyň esasy meselesi bilen birleşýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow metbugat bilen tanşanyndan soňra, nobatdaky kitabynyň golýazmasynyň üstünde işlemegini dowam etdi. 
Soňra hormatly Prezidentimiz bu bedewi eýerläp, ony athanadan çykardy, toplumyň çäginde bar bolan ýörite meýdançada aýlady. Milli Liderimiz bedewi birnäçe wagt aýlandan soň, oňa atlandy-da, ýuwaş-ýuwaş aty öz erkine goýberdi. Bedew ýörüşini çaltlandyryp, gorgun, ýorgalama ýaly ýörüşleri ýerine ýetirdi. Çapyksuwaryň buýruklaryny berjaý edip, bedew çapmagyň dürli görnüşlerinde özüni görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz bedew bilen bolan çapyşykly geziminden soňra onuň eýerini aýyrdy we bedewi athana eltdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumynda amala aşyran işlerini tamamlap, bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň