Soňky habarlar

Arhiw

Awazada Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygy geçiriler

02:4201.08.2018
0
10054

24-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bu gaznada başlyklyk edýär. Bu duşuşyk barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 31-nji iýulda geçirilen bilelikdäki mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministry R.Meredow hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygyna taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip hem-de olary berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, Türkmenistanyň bu gaznada başlyklyk etmek bilen onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça yzygiderli ädimleri ädýändigini belledi. Bu gazna Aral ýakasynda ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilen möhüm sebit düzümi bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň