Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” atly nobatdaky ýygyndy çapdan çykdy

10:3627.07.2018
0
5351

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp baran köptaraply işini hemmetaraplaýyn şöhlelendirýän neşiriň 10-njy goýberilişi çapdan çykdy. Nobatdaky neşir ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygynyň toýlanylmagy mynasybetli milli Liderimiziň başlangyjy bilen “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip atlandyrylan 2016-njy ýyla bagyşlanyldy.

Onuň mazmunynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän esasy ýörelge, döwlet Baştutanymyzyň aýdan jümleleri bu kitabyň girişinde öz beýanyny tapýar: «...biz ýurdumyzyň ýubileý ýylyny oňat netijeler bilen tamamladyk, bitaraplyk syýasatymyzyň ýurdumyzyň ösüşine oňyn we durnukly täsir edýändigini bütin dünýä subut etdik. Eziz Watanymyz, bar bolan kynçylyklara garamazdan, parahatçylygy we howpsuzlygy goldamagyň, durmuş-ykdysady taýdan ösüş gazanmagyň, mähriban halkymyzyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça öňde goýlan beýik maksatlara ýetmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýar».

Taryhy giňden wagyz etmek we düýpli öwrenmek, döwletimiziň özygtyýarlylygyny hem-de bitaraplygyny ählitaraplaýyn berkitmek şygary astynda geçen 2016-njy ýylyň şanly wakalara we belent sepgitlere baý bolandygy kanunalaýyklykdyr. Türkmen halky hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda öz saýlap alan giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly ýöremegini dowam etdi we jemgyýetimiziň ykdysady, aň-paýhas, ruhy kuwwatyny işjeň peýdalandy.

Senenamalaýyn neşir «Watanyň gülläp ösüşiniň we halkyň abadançylygynyň hatyrasyna» diýen sözbaşyly giňişleýin maglumat-seljeriş syny bilen açylýar. Onda türkmen halkynyň ýeten belent sepgitleri doly görkezilýär. Anyk we statistiki maglumatlaryň baý toplumynyň umumylaşdyrylmagynyň esasynda ýurdumyzyň syýasy ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, ruhy-medeni däpleri hem-de gymmatlyklary gorap saklamak we ösdürmek, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň abraýyny hem-de eýeleýän ornuny belende götermek meseleleri açylyp görkezilýär.

Şeýlelikde, syn täze taryhy eýýamda halk hojalyk toplumynyň ýokary ösüş depginleri we Watanymyzyň rowaçlygy hem-de döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlaryndaky beýik özgertmeler hakynda umumy düşünje berýär.

Kitapda 2016-njy ýylyň möhüm wakalary yzygiderlilikde beýan edilýär, halkymyzyň egsilmez ruhy güýç-kuwwatyna berk ynanyp hem-de ägirt uly döredijilik kuwwatyna daýanyp, diýseň oýlanyşykly we ölçerilen syýasaty ussatlarça alyp barýan hormatly Prezidentimiziň tutanýerli, köpugurly işi anyk mysallaryň üsti bilen açylyp görkezilýär. Kitapda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) resmi maglumatlarynyň esasynda döwlet Baştutanymyzyň welaýatlara iş saparlary, geçiren Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisleri we beýleki iş maslahatlary, milli Liderimiziň paýtagtymyzda hem-de sebitlerde bina edilen köp sanly binalaryň — senagat, ulag-aragatnaşyk, medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşmagy bilen bagly gysgaça maglumatlar çap edilýär. Şeýle-de, ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik we durmuş-ykdysady özgertmeleriň barşy hakyndaky anyk görkezijiler getirilýär, şolar tutuş halkymyzyň, her bir adamyň bähbidine durmuş ugurlydygyny aýan edýär.

Şeýle hem okyjylar Türkmenistanyň kabul edilýän kanunlary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlary, Kararlary we Buýruklary bilen tanşyp bilerler.

“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” kitabynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlary bilen giň halkara hyzmatdaşlygy saklamaga, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirmek boýunça işjeň alyp barýan işleri beýan edilýär. Milli Liderimiziň daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň we myhmansöýer türkmen topragynda ýokary derejede geçirilen duşuşyklarynyň hem döwlet Baştutanymyzyň sebit we halkara guramalarynyň sammitlerine gatnaşmagynyň teswiri berilýär.

Kitapda şöhratly geçmişinden, nurana geljeginden we ajaýyp şu gününden ruhlanýan halkymyzyň öňe tarap okgunlylygyny hem-de döredijilik mümkinçiliklerini, ýokary ruhy we zähmet joşgunyny ynandyryjylykly häsiýetlendirýän resminamalaýyn-maglumat hem-de ylmy-seljeriş materiallary getirilýär. Kitap okyja 2016-njy ýylyň wakalarynyň gerimine doly baha bermäge, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ideologiýasynyň we syýasatynyň, milli Liderimiziň başyny başlan, ýurdumyzyň ykdysady taýdan gülläp ösmegine, halkymyzyň ruhy-medeni ösüşine hem-de durmuş abadançylygyna, Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň artmagyna gönükdirilen düýpli jemgyýetçilik özgertmeleriniň ynsanperwer özenine we asylly maksatlaryna has oňat düşünmäge ýardam berer.

Ulanmak amatly bolar ýaly, kitap ylmy-maglumat serişdeleri bilen üpjün edildi. Onuň goşundysynda degişli çeşmeler, at we geografik görkezijileri berilýär.

Nobatdaky neşir Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanylyp, publisistik häsiýete eýedir, onuň ilatyň, aýratyn hem, ýaşlaryň arasynda jemgyýetçilik-syýasy bilimleri wagyz etmekde uly ylmy-öwrenijilik ähmiýeti we amaly gymmaty bar. Türkmen we rus dillerinde çap edilen kitap ülkäni öwreniji taryhçylara, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalaryna, ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna we mugallymlaryna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki durmuşy bilen gyzyklanýan okyjylaryň giň köpçüligine niýetlenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň