Soňky habarlar

Archive news

Magtymguly adyndaky teatryň sahnasynda - “Hüýrlukga — Hemra” operasy

09:3227.06.2018
0
1016
Magtymguly adyndaky teatryň sahnasynda - “Hüýrlukga — Hemra” operasy

Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna “Hüýrlukga —Hemra” operasynyň ilkinji görkezilişi boldy.

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda görkezilen sahna eseriniň esasynda “Hüýrlukga — Hemra” dessanynyň mazmuny bar. Sahnada özboluşly halk sazlary ýaňlandy. Şunlukda, eseriň we ony ýerine ýetirmegiň halkylygyna aýratyn ähmiýet berildi. Opera saz eseriniň nepisligi, onuň baýlygy, milli öwüşgini hem-de duýgularyň ynandyryjylygy bilen tapawutlanýar. Sahna eseri bu ugruň muşdaklaryna bolşy ýaly, islendik tomaşaçy üçin ýakyn we düşnükli boldy.

Asylly däbe görä, şunuň ýaly giň möçberli sahna eserine diňe bir ýörite hünärli artistler däl, eýsem, ýurdumyzyň çeperçilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşdylar. Ýaş zehinler baş gahrymanlaryň keşplerini janlandyrdylar. Şeýlelikde, artistler öz ussatlyklary bilen iki ýaş juwanyň ýürek söýgileriniň taryhyny janlandyrdylar. Täze eseriň sazly dramaturgiýasynda sahnanyň häzirki zaman mümkinçilikleri doly ulanyldy. Onuň dowamynda hor aýdymlary we horeografiýa pursatlary ýaýbaňlandyryldy. Köpugurly sahnanyň mümkinçilikleri onda janlandyrylýan wakanyň has-da ynandyryjy bolmagyny şertlendirdi.

Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetiren sazlary diňleýjileri bada-bat özüne çekýär we olary sahna oýnunyň dünýäsine aralaşdyrýar.

Eser Hysrow patyşanyň köşgündäki wakadan başlaýar. Patyşa jadyly Erem bagyndan ajaýyp bilbili ele salmagy arzuw edýär. Artistleriň owazlary, deprekleriň gümmürdisi sazlaşykly urýan ýürekleri ýatladýar. Kirişli saz gurallary bolsa kalbyň owazyny janlandyrýar. Halk owazlary we joşguny diňleýjileri sahna eseriniň wakalary bilen tanyşdyrýar.

Döredijilik toparlarynyň artistleri türkmen halkyna mahsus häsiýetleri, wepalylygy we edýän hereketine bolan ynamy janlandyrmagy başarypdyrlar. Däpleriň, dünýägaraýyşlaryň, wepalylygyň, namys we söýgi ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň nesilden-nesle geçijiligini alamatlandyrýar. Şeýlelikde, “Hüýrlukga — Hemra” diňe bir medeniýet nukdaý nazaryndan däl, eýsem, ýaş nesilleri terbiýelemek babatda hem ähmiýetlidigini äşgär etdi.

Köpçülikleýin dabara sahnasy oýnuň jemleýji tapgyryna öwrüldi. Artistleriň belent ruh bilen ýerine ýetiren aýdymlary milli medeniýetimiziň ösmegine we onuň giňden wagyz edilmegine goşýan goşandy hem-de yzygiderli aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyň nyşanyna öwrüldi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň