Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni ýokary derejede bellenildi

05:1219.05.2018
0
23680

18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýanyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bellenildi. Bu şanly baýram mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky Konstitusiýa binasyna we Döwlet baýdagynyň sütünine gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy. 

Konstitusiýa binasynyň ýanyndaky dabara gatnaşyjylaryň hatarynda hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň myhmanlary, ýaşlar we beýlekiler bar. Döwlet senasy ýaölanandan soň, milletiň Lideri Konstitusiýa binasynyň etegine özygtyýarly Türkmenistanyň döwlet esaslarynyň, demokratik sütünleriniň hem-de bu gün mynasyp dowamyna eýe bolan halk häkimiýetliliginiň köp asyrlyk däpleriniň mizemezligini alamatlandyrýan ajaýyp gül çemenini goýdy.

Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ähli dabara gatnaşyjylar Konstitusiýa binasyna gül desselerini goýdular.

Soňra paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary şäheriň günorta böleginde geçirilen dabara gatnaşdylar. Bu ýerde 133 metrlik baýdak sütüni — Türkmenistanyň Döwlet baýdagy pasyrdap duran dünýäniň iň belent sütünleriniň biri seleňläp görünýär. Bu dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň buýsanç bilen parlaýan belent baýdak sütüniniň etegine ajaýyp gül çemenini goýdy.

Mejlisiň Başlygy we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerýärler.

Dabaraly çäre tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň