Soňky habarlar

Archive news

Kaka etrabynda täze suw üpjünçilik ulgamy işe girizildi

02:5318.04.2018
0
5694
Kaka etrabynda täze suw üpjünçilik ulgamy işe girizildi

Kaka etrabynda 15 kilometrlik Hywaabat — Kaka suw geçirijisi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Dabara Oba we suw hojalyk ministrliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM), welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
BAE-niň “Dew Jeneral Trading” kompaniýasynyň we ýerli “Galkan” hojalyk jemgyýetiniň BMGÖM-niň ýardam bermeginde bina edilen suw geçiriji ulgamy energiýa tygşytlaýjy we ekologiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly guruldy, bu desga suwuň üç ugur: oba hojalygy, agyz suwy we durmuş maksatly zerurlyklarda peýdalanmak üçin paýlanylyşyny kadalaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Suw geçiriji boýunça her gije-gündizde Laýynsuw çeşmesinden ýerli suw üpjünçilik ulgamyna 14000 kub metrden gowrak suw (sekundda 165 litr) akdyrylýar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň