Soňky habarlar

Arhiw

21-nji tapgyr: utulan taraplaryň hiç biriniň pökgi geçirip bilmedik tapgyrynda üç duşuşyk şol bir hasap bilen tamamlandy

23:5016.08.2017
0
6187

15-16-njy awgustda Türkmenistanyň XXV Milli çempionatynda Ýokary liganyň 21-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. «Balkan» toparynyň dynç alan tapgyrynda «Ahal» «Turany», «Energetik» «Altyn asyry», «Şagadam» «Merwi», «Köpetdag» bolsa «Aşgabady» kabul etdi. Dört duşuşygyň ikisi ýer eýeleriniň, galan ikisi bolsa myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Utulan toparlaryň hiç hili pökgi geçirip bilmedik tapgyrynda utan toparlar tarapyndan derwezelere jemi 9 pökgi geçirildi.

Tapgyryň ilkinji gününde ýaryş tertibiniň öňdebaryjysy «Ahal» geçen tapgyrda janköýerlerini ýeňiş bilen begendiren «Turany» kabul etdi. Ýer eýeleriniň 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanan duşuşykda pökgüleriň üçüsini hem ýaşlykdan Russiýanyň «Rubin» toparynda belli tälimçi Gurban Berdiýewden tälim alan ezber hüjümçi Wahyt Orazsähedow geçirdi. Şeýlelikde, möwsümde geçiren pökgüleriniň umumy sanyny 12-ä çykaran hüjümçi iň kän pökgi geçirenleriň sanawynda ikinji orna çenli çykdy.

16-njy awgust Ýokary ligada 2:0-laryň güni boldy diýsek hem ýalňyşmarys. Şol gün geçirilen duşuşyklaryň üçüsem şol bir hasap — 2:0 hasaby bilen tamamlandy. Maryda «Energetik» bilen «Altyn asyryň» arasynda geçirilen duşuşyk myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy. «Aragatnaşykçylaryň» ilkinji pökgüsini Mihail Titow, ikinji pökgüsini bolsa 11 metrlik jerime urgusyndan Myrat Ýagşyýew geçirdi. Şeýlelikde, «Altyn asyr» «Energetigi» möwsümde üçünji gezek iki pökgi tapawudy bilen iki pökgi tapawudy bilen ýeňdi. Myrat Ýagşyýew bolsa möwsümde garşydaş derwezelere geçiren pökgüleirniň sanyny 15-e çykaryp, birinji orundaky ýerini has-da berkitdi.

Deňiz ýakasyndaky şäherde geçirilen duşuşykda «Şagadam» «Merwi» kabul etdi. Duşuşyk Amir Gurbanynyň geçiren iki pökgüsi bilen ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Edil Wahyt Orazsähedow ýaly geçiren pökgüleriniň sanyny 12-ä çykaryp, netijeli hüjümçileriň sanawynda ikinji orna çykan Amiriň bu duşuşykdaky ikinji pökgüsi 11 metrlik jerime urgusyndandyr. Bu ýeňişden soň, «Şagadam» 36 utuk bilen ýaryş tertibinde üçünji orna çykdy.

Tapgyryň ahyrky duşuşygy hem paýtagtymyzda geçirildi. Awgustyň sergin agşamynda janköýerleriň şowhunly goldawyna beslenen duşuşykda Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» futbol topary paýtagtymyzyň «Aşgabat» toparyny kabul edip, myhmanlaryndan 0:2 hasabynda ýeňildi. Pökgüleri Azat Şamyradow bilen türkmen futbolynyň ýyldyz hüjümçileriniň biri — «Aşgabadyň» oýunçy-tälimçisi Berdi Şamyradow geçirdi. Şeýlelikde, 35 ýaşly hüjümçi 2017-nji ýylyň futbol möwsümine hem öz adyny ýazdyrdy.

Ýokary liganyň 22-nji tapgyrynyň duşuşyklary 19-njy awgustda geçiriler. Şol gün «Şagadam» «Aşgabady», «Turan» «Merwi», «Energetik» «Balkany» kabul eder. Tapgyryň esasy duşuşygy bolsa ýaryş tertibiniň öňdebaryjylary «Altyn asyr» bilen «Ahalyň» arasynda bolar. Tapgyrda «Köpetdag» dynç alar.

Ýokary liga — 2017: 21-nji tapgyryň netijeleri:

15.08.2017 ý.

«Ahal» — «Turan» — 3:0

Gollar:

1:0, Wahyt Orazsähedow

2:0, Wahyt Orazsähedow

3:0, Wahyt Orazsähedow.

16.08.2017 ý.

«Energetik» — «Altyn asyr» — 0:2.

Gollar:

0:1, Mihail Titow

0:2, Myrat Ýagşyýew (11 m.j.u)

 

«Şagadam» — «Merw» — 2:0.

Gollar:

1:0, Amir Gurbany

2:0, Amir Gurbany (11 m.j.u.)

 

«Köpetdag» — «Aşgabat» — 0:2.

Gollar:

0:1, Azat Şamyradow

0:2, Berdi Şamyradow.

Ýaryş tertibi:

Iň kän tapawutlanan futbolçylar:

1. Myrat Ýagşyýew, «Altyn asyr», 15 (1)

2-3. Wahyt Orazsähedow, «Ahal» 12

2-3. Amir Gurbany «Şagadam» 12 (5)

4. Yhlas Magtymow, «Balkan», 11.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň