Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysy (U-23) ýakyn günlerde Katarda möhüm synagdan geçer. Türkmen futbolçylary 2018-nji ýylda geçiriljek ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa birinjiligine çykmak üçin göreşer. Düýn Dubaýda türgenleşik geçýän ýetginjekler ýygyndymyz şäheriň Dubai City futbol topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk türkmen futbolçylarynyň 5:3 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Ýetginjekler ýygyndymyzyň ilkinji goluny Şiri Annaýew geçirdi. Şondan soňra, üçünji aýlawdan başlap, «Köpetdagyň» düzüminde çykyş etmegine garaşylýan Berdimyrat Rejebow iki gezek tapawutlandy. Ildeşlerimiziň soňky iki goluny Akmämmet Metdäýew bilen Guwançmyrat Gurbangulyýew geçirdi.
Ýatladýarys, Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary 19-njy iýulda başlar. Duşuşyklar Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçiriler.