Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň kämil bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň tele we radio ýaýlymlaryny 2018-nji ýyldan başlap tapgyrlaýyn böleklere bölmek bilen, 4 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirmegi bes etmek bellenildi.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp, kesgitlenen teleradioýaýlymlara marketing gurallary boýunça mahabat hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge we hojalyk hasaplaşygyndan alýan girdejileriniň hasabyna öz çykdajylaryny maliýeleşdirmäge ygtyýar berildi.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri iki aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.