Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň maý aýynda Konstitusiýanyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşanda Gündogaryň beýik akyldarynyň we şahyrynyň ýadygärligini belentlikde ýerleşýän ajaýyp künjege geçirmek boýunça degişli tabşyryklary beripdi. 15-nji iýunda Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutany bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýerleşdirilmeli künjegini kesgitledi, ol Köpetdag belentliginde oturdylar.
Beýik şahyryň täze ýadygärliginiň oturdyljak ýerinde çeper okaýyşlary, edebiýat agşamlaryny we köpçülikleýin medeni çäreleri guramak üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmeginiň möhümdigini aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseleler bilen baglanyşykly ähli işleri içgin işläp taýýarlamagy tabşyrdy.