Ýokary liga, 12-nji tapgyr: Myrat Annaýewiň doglan gün sowgadyndan «Aşgabadyň» soňky sekuntlarda gidiren ýeňşine, «Şagadamyň» kynlyk bilen gazanan utuklaryna çenli

02:4607.05.2017
0
7465

6-njy maýda Türkmenistanyň futbol boýunça XXV Milli çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň üç duşuşygy geçirildi. Olarda «Turan» «Ahaly», «Aşgabat» «Köpetdagy» «Merw» bolsa «Şagadamy» kabul etdi.

Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport toplumynda geçirilen duşuşyk «Ahalyň» 4:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Toparyň şu möwsümde iň kän tapawutlanan futbolçysy Myrat Annaýew bolsa özüniň doglan gününde geçirilen duşuşykda bir gol, bir gol pasy bilen ýeňşe uly goşant goşdy. Merdan Gurbanyň, Myrat Annaýewiň hem-de Şiri Annaýewiň gol paslary bilen üç gezek tapawutlanan hüjümçi Orazberdi Myradow bolsa, şu möwsümde «Ahalyň» düzüminde ilkinji het-trik eden oýunçy boldy. Bu ýeňişden soň, utugyny 23-e çykaran «Ahal» ýaryş tertibindäki liderligini dowam edýär.

Paýtagtymyzyň etegindäki Gökje obasynda ýerleşýän döwrebap sport toplumynda geçirilen duşuşykda paýtagtymyzyň adybir topary kynlyk bilen ýakynlaşan ýeňşi iň soňky sekuntlarda elden gidirdi. Depgin taýdan o diýen bir güýçli bolmadyk duşuşykda 76-njy minutda «Aşgabat» goragçy Ilýa Minhairowyň burçdan berlen pökgini ussatlyk bilen derwezä girizmegi netijesinde öňe saýlandy. Eminiň duşuşygyň esasy wagtyna goşan 5 minudynyň iň soňky sekuntlarynda ýene-de burçdan berlen pökgi duşuşygyň ykbalyny kesgitledi. Bu gezek pökgini burçdan «Köpetdag» oýna girizdi. Seýit Seýidowyň şägirtleri hasaby deňlemekdäki iň soňky mümkinçiliginden netijeli peýdalanyp, Baýram Nurlyýew pökgini derwezä girizmegiň hötdesinden geldi. Şeýlelikde, duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy, «Köpetdag» bolsa möwsümde ikinji duşuşygynda hem «Aşgabatdan» ýeňilmedi.

Baýramaly şäherindäki sport toplumynda geçirilen duşuşykda janköýerler 5 gola şaýat boldular. Ýöne netije babatynda üstünlik myhman topara — «Şagadama» gülüp bakdy. «Merwiň» Rustam Mätryzaýewiň gollary bilen iki gezek öňe saýlanandygyna garamazdan, «Şagadam» umumy hasaby 2:3-e çykarmagy başardy. Geçirilen gollaryň biriniň awtory Amir Gurabany möwsümdäki gollarynyň sanyny 9-a çykaryp, bombardirleriň sanawyndaky liderligini goran bolsa, «Şagadamyň» 33 ýaşly hüjümçisi Serdaraly Ataýew möwsümde ilkinji gezek tapawutlandy.

Tapgyryň jemleýji duşuşygy 7-nji maýda «Altyn asyr» bilen «Energetigiň» arasynda geçiriler. «Balkan» bu tapgyrda dynç alýar.

«Turan» — «Ahal» — 0:4.

Gollar:

0:1, Myrat Annaýew 26’

0:2, Orazberdi Myradow 47’

0:3, Orazberdi Myradow 52’

0:4, Orazberdi Myradow 85’.

«Aşgabat» — «Köpetdag» — 1:1.

Gollar:

1:0, Ilýa Minhairow 76’

1:1, Baýram Nurlyýew 90+5’.

«Merw» — «Şagadam» — 2:3.

Gollar:

1:0, Rustam Mätryzaýew 16’

1:1, Ýunus Orazmämmedow 31’

2:1, Rustam Mätryzaýew 43’

2:2, Amir Gurbany 65’

2:3, Serdaraly Ataýew 76’.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň