ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 20-nji ýanwardaky kasam kabul ediş dabarasyndan bäri özüniň birinji dört ýyllyk Prezidentlik möhletiniň (2017-2021 ýý.) tutuş dowamyndakydan kän Permana gol çekdi. Bu barada «The Washington Post» (WP) gazetine salgylanýan TASS habar berýär.
Trampyň 15-nji dekabrda fentalin opioidi neşe serişdesi hökmünde yglan etmek baradaky Permany onuň wezipesine girişeninden bäri 221-nji resminama boldy. Özüniň birinji möhletinde ol 220 Permana gol çekdi diýlip, habarda bellenýär. Gazet Trampyň gol çeken Permanlarynyň, esasan, ykdysadyýet hem-de söwda syýasaty bilen baglydygyny ýazýar. Ol şeýle hem ABŞ-nyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň agzalygyndan çykmagy barada resminama hem gol çekdi.
Ady agzalan ýerli neşiriň ýazmagyna görä, 12-nji dekabrdaky ýagdaýa görä, Trampyň bir ýylda gol çeken resminamalarynyň üçden bir bölegi kazyýetde jedelleşilýär.

