Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli gyzykly dabaralar geçirilip, çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, köp garaşylyp, uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýän Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk sowgatlaryny alan çagalar ýürek joşgunyny goşgular, aýdymdyr tanslar bilen beýan etdiler. Olar çykyşlarynda Gahryman Arkadaga we Arkadagly Gahryman Serdara özleri barada edýän atalyk aladalary üçin hoşallyklaryny bildirip, bagtyýar çagalygyň, dost-doganlygyň waspyny ýetirdiler.
Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň çagalara iň gowy zatlary peşgeş bermek, olary söýgi, mähir bilen gurşamak ýaly ýagşy häsiýetleri häzirki zaman türkmen jemgyýetinde aýdyň ýüze çykýar. Ýurtda bellenilýän şanly seneler, baýramçylyklar mynasybetli Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldip, bejergi alýan çagalara dürli datly miwelerden, süýjüliklerden, beýleki naz-nygmatlardan ybarat sowgatlaryň gowşurylmagy asylly däbe öwrüldi. Bu ýerde bejergi alýan körpeler Täze ýylyň öňüsyrasynda paýlanan sowgatlary hem uly hoşallyk duýgusy bilen kabul etdiler. Şeýle sogaply işler jemgyýetde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmakda, goldawa mätäç çagalary söýgi-mähir bilen gurşap almakda uly ähmiýete eýedir.

