Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasynyň Turin şäherinde dekabr aýynyň 2 — 4-i aralygynda geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň Ýewropa bilim gaznasynyň «Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket» (DARYA) atly taslamasynyň çäginde sebitleýin maslahatyna gatnaşdy.
Türkmen wekiliýetiniň düzüminden Bilim ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň we Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň wekilleri orun aldylar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, sebitleýin maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýada başarnyklary öwrenmegiň, zähmet bazarynyň talaplaryna laýyklykda esaslandyrylan bilim bermegiň we olary bahalandyrmagyň amallary hakynda, resmi we resmi däl bilim usulyýeti öwrenmegiň aýratynlyklary barada çykyşlar edildi.
Maslahat Turin şäherinde ýerleşýän «Toolbox» işewürlik-bilim merkezinde geçildi, şeýle hem «Atlante del Lavoro e delle qualificazioni» ady bilen zähmet atlasy hakynda, INAPP – atly seljerme instituty hakynda, «France Compétences» guramasynyň hünär kwalifikasiýalary hakynda we «AFPA» atly hünär bilimi öwretmekde fransuz agentliginiň işi bilen bagly halkara bilermenleriň çykyşlary guraldy.

