Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň arasynda Daşary işler ministrleriniň derejesindäki bäşinji duşuşygy Aşgabatda geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu barada Tähranda geçirilen ýörite wekilleriň duşuşygynyň netijeleri boýunça Eýranyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Habarda: «Owganystana goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygyny ýakyn wagtda Aşgabatda geçirmek boýunça ylalaşyldy» diýilýär.
Çärä Pakistan, Täjigistan, Özbegistan, Türkmenistan, Hytaý, Russiýa we Eýran döwletleriniň wekilleri gatnaşdylar. Eýranyň daşary syýasat edarasynyň beýanaty boýunça, gatnaşyjylar Owganystan bilen Pakistanyň arasyndaky dartgynlylygy azaltmak boýunça tagallalary goldadylar we gatnaşyklary berkitmäge ýardam etmäge taýýardyklaryny bildirdiler. Taraplar, şeýle hem, Owganystan boýunça ikinji sebitleýin duşuşygy 2026-njy ýylyň mart aýynda Yslamabatda geçirmek barada ylalaşdylar.
Gatnaşyjy ýurtlar Ýakyn Gündogaryň meselelerini çözmek üçin sebit integrasiýasynyň ähmiýetini nygtadylar. Olar Owganystanda durnuklylygy ýola goýmaga ýardam etmäge, şeýle hem terrorçylyga, bikanun gaçakçylyga we neşe serişdeleriniň ýaýramagyna garşy göreşmäge kömek etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

