Şweýsariýanyň ykdysadyýet ministri Gi Parmelan ikinji gezek ýurduň Prezidentligine saýlandy diýip, «Kazinform» habar berdi.
«Swissinfo» portalynyň habaryna görä, Şweýsar halk partiýasyndan bolan ministr Parlamentde geçen ses berlişikde 210 sany saýlaw býulleteniniň 203-si tarapyndan goldanmagy netijesinde Prezident wezipesine saýlandy. Radikal-liberal partiýadan bolan Ignasio Kassis sesleriň 190-syndan 144-sini alyp, Prezidentiň orunbasary wezipesine saýlandy.
66 ýaşly Parmelan geljek ýyl wezipesine girişer. Onuň ABŞ bilen gümrük paçlarynyň azaldylmagy babatda gepleşiklerde möhüm hyzmaty bitirendigi bellenýär.
Ýurtlaryň köpüsinden tapawutlylykda, Şweýsariýanyň Prezidentiniň iş ýüzünde ygtyýarlylyklary ýok, olary tutuş ýurduň adyndan toparlaýyn edara – Federal geňeş amala aşyrýar. Geňeşiň ýedi agzasynyň her biri ses bermek ýoly bilen bir ýyllyk möhlete Prezidentlige saýlanýar.

