13-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara we halkara foruma gatnaşmak üçin sapar bilen gelen Somali Federal Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdisalam Abdi Aliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Daşary işler ministrligi habar berýär.
Ministr Abdisalam Abdi Ali, ilki bilen, türkmen tarapyna Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň özara gyzyklanma bildirýän ugurlarynda hyzmatdaşlyk üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Bu ugurda hökümetara we pudagara gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýändigi nygtaldy.
Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada pikir alyşdylar we onuň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň maksadalaýykdygyny beýan etdiler.
Söhbetdeşler halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynda iki döwletiň özara hereketini maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Somaliniň ählumumy parahatçylyk we durnukly ösüş meselelerine bolan çemeleşmeleriniň gabat gelýändigi ýa-da meňzeşdigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar şu saparyň Türkmenistan bilen Somaliniň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

