Italiýada däp bolan «pyrtykal söweşi» nobatdaky gezek geçirildi diýip, «Habar 24» ýazýar.
Bu däbi pandemiýadan soňra ýene dikeltdiler. Miwe zyňyşlyk Iwrea şäherinde mundan 90 ýyldan gowrak wagt öň ilkinji gezek geçirileni bäri ol şäheriň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Sitrus söweşi baharyň gelendigini alamatlandyrýar. Oýunçylar orta asyr egin-eşiklerini geýnip, birek-birege pyrtykal zyňyşýarlar. Geçen asyrda italiýaly gyzlar pyrtykal bilen bilelikde gül çemenlerini öýleriniň balkonyndan aşak oklap, ýigitleriň ünsüni çekmäge çalşypdyrlar. Wagt geçidigiçe, bu degişmeli däp şadyýan baýramçylyga öwrülipdir.
Her ýyl Iwrea şäherine «pyrtykal söweşine» tomaşa etmek üçin jahankeşdeleriň müňlerçesi gelýär.
