Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň buýurmagynda bäsleşik yglan edýär

0
5459
Salgysy:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.
Telefon belgiňiz:
44-46-64, 44-46-77.
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň buýurmagynda «Garabogaz» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek hem-de awtoulag serişdelerini barlaýan rentgen barlag enjamyny satyn almak we ony gurnamak bilen bagly gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 9-njy oktýabryna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler