Soňky habarlar
Arhiw
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda aşakdaky lotlar boýunça ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin bäsleşik yglan edýär.
LOT — ¹1 Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda 9 gatly, 64 öýli;
— Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmagynda 9 gatly, 48 öýli;
— Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň buýurmagynda 9 gatly, 32 öýli;
— Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň buýurmagynda 9 gatly, 32 öýli;
— «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmagynda 9 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak.
LOT — ¹2 Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmagynda 9 gatly, 32 öýli;
— «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň buýurmagynda 9 gatly, 48 öýli;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda 9 gatly, 64 öýli;
— «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň buýurmagynda 9 gatly, 48 öýli;
— Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň buýurmagynda 9 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 13-nji iýulyna çenli kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň