Balkan welaýat häkimligi welaýat Düýpli gurluşyk dolandyryş edarasynyň buýurmagynda täze potratçylary seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär

0
3208
Salgysy:
Balkanabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy.
Telefon belgiňiz:
(800222) 2-01-15, 2-01-04, 2-01-16.
Soňky täzelenme:

Balkan welaýat häkimligi welaýat Düýpli gurluşyk dolandyryş edarasynyň buýurmagynda sanawa goşulan, döwletimiziň merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, gurluşygy haýal depginde alnyp barylýan desgalaryň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek maksady bilen, täze potratçylary seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmaga Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermeli;

— soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;

— edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 25-nji fewralyna, her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Salgysy: Balkanabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (800222) 2-01-15, 2-01-04, 2-01-16.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler