Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýat häkimligi inžener ulgamlarynyň gurluşyklary üçin potratçylary seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär

0
11087
Salgysy:
Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy.
Telefon belgiňiz:
(800222) 2-01-15, 2-01-04, 2-01-16.
Soňky täzelenme:

Balkan welaýat häkimligi «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, welaýat boýunça taslamasy taýýar bolup, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Baş döwlet seljeriş müdirliginde seljerişden geçen inžener ulgamlarynyň gurluşyklary üçin potratçylary seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça arza bermek;

— soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat;

— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 5-nji iýunyna, her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Gurulmaly inžener ulgamlarynyň sanawy barada maglumaty welaýat düýpli gurluşyk-dolandyryş edarasyndan alyp bilersiňiz.

Bäsleşik teklipli bukjalar şu salgyda kabul edilýär: Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: (800222) 2-01-15, 2-01-04, 2-01-16.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler